PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama

Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär.

Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň hereket edýän möhleti 1 (bir) aýdan 6 (alty) aýa çenli uzaldyldy.

Arza ýazýan raýat şahadatnamany almak üçin ýüz tutanda şu aşakdaky resminamalaryň bolmagy zerurdyr:

  1. arza;
  2. 3 x 4 sm ölçegli 2 sany reňkli fotosurat;
  3. terjimehaly;
  4. bar bolan ýagdaýynda, arza ýazýan raýatyň şahsyýetini kesgitlemäge, onuň Türkmenistanyň çäklerinde bolýan ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamaga, Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigini tassyklamaga mümkinçilik berýän resminamalary (suratly gulluk şahadatnamasy, Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň kepilnamasy we ş.m.)
  5. Raýat bellenilen görnüşdäki sowalnamany dolduryp, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutup biler.

 

 

Related posts

Işde galmak üçin artykmaç hukuklar barada maglumat

Resminamalary kanunlaşdyrmak: Legalizasiýa nirede amala aşyrylýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-daky sportdaky zenanlar maksatnamasy üçin arzalar kabul edilýär