JEMGYÝET

Hazaryň kenarynda “Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşyk geçiriler

Şu gün Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda “Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan” ýokary derejdäki üçtaraplaýyn duşuşyk geçiriler.

Bu sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna geler.

Hazaryň kenaryndaky ýokary derejedäki duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde birnäçe bilelikdäki resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, duşuşygyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklar geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowyň gatnaşmagynda hem üçtaraplaýyn duşuşyk geçirilipdi.

Related posts

“Atavatan Türkmenistan” dergisinin yeni sayısı büyük beğeni topladı

vepa

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar