JEMGYÝET

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»

Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi ussat hünärmenleriň, bedew muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýän ýatdan çykmajak wakadyr. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy.

«2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Hankerwen atly ahalteke bedewi mynasyp boldy. Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan atyň eýesi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy hünärmeni, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Myratgeldi Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy – «Toyota Fortune» kysymly täze awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

 

Related posts

Türkmen-täjik sungat ussatlarynyň “Dostluk agşamy” konserti geçirildi

Türkmenistan Russiýadaky terrorçylykly hereketi berk ýazgardy

Söwda we jemgyýetçilik iýmit kärhanalarynyň çäklendirme möhleti

Ata Watan Eserleri