JEMGYÝET

Guterrişden milli Liderimize gynanç haty

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlary gelýär. Şeýle gynanç hat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden gelip gowuşdy.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär.

– Siziň kakaňyzyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim. Size we Siziň maşgalaňyza hem-de ýakynlaryňyza öwezini dolup bolmajak bu ýitgi zerarly tüýs ýürekden duýgudaşlygymy bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym we hemmeler üçin iň oňat geljegi gurmagyň bähbidine Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hemişe ygrarlydygy baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

 

Akhan – “Ýylyň türkmen edermen alabaýy”

Related posts

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Wizalary almak :Gerekli resminamalaryň sanawy

vepa