JEMGYÝET

Grin kart: ýeňijiler mälim ediler

ABŞ-nyň hökümetiniň öz raýaty bolmadyk adamlara Amerikada ýaşamaga we işlemäge mümkinçilik berýän “Grin kart” atly resminamanyň ýeňijileri mälim ediler.

Şu gün ýagny 6-njy iýunda bu resminamany almak üçin ýüz tutan adamlaryň “dvprogram.state.gov” resmi saýtyndan barlap bilerler. Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-dan başlap, bu karty almak üçin ýüz tutanlar anketasynyň ykbaly bilen gyzyklanyp bilerler.

“Grin kartyň” ýeňijilerini 2020-nji ýylyň 5-nji maýynda mälim etmek göz öňünde tutulypdy.

“Grin kart” resminamasy degişli resminamalary jemläp, olary tabşyrmak arkaly uzak wagtlap dowam edýän iş ýagdaýydyr.

ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan her ýyl gurnalýan ýörite onlaýn lotereýa arkaly Amerikada ýaşamak üçin resminama gazanmak mümkinçiligidir.

Related posts

22-nji iýuldaky howa maglumaty

2024-nji ýylyň 4 aýy: jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň

Arap ýurtlary bilen Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy