PEÝDALY MASLAHAT

Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy işe çagyrýar

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy täze işgär kabul ediljekdigini habar berdi. Bu barada ilçihananyň resmi Instagram sahypasynda maglumat berildi.
Ilçihananyň habaryna görä, 2027-nji ýylyň ýanwar aýyndan aprel aýyna çenli Hukuk we konsullyk bölüminde wagtlaýyn işlemek üçin bir işgär gözlenilýär.
Täze işgär çaga seretmek boýunça rugsada çykýan işgäriň ornuny wagtlaýyn eýelär.
Işgäriň esasy wezipeleri:
  • Ilçihana ýüz tutýan raýatlary kabul etmek we olar bilen nemes, türkmen hem-de rus dillerinde aragatnaşyk saklamak;
  • Wiza almak üçin berilýän arzalary kabul etmek we olary işlemek;
  • Arza berijiler bilen hat alyşmak we telefon arkaly habarlaşmak;
  • Wiza resminamalaryny arhiwleşdirmek.
Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 24-nji noýabry.
Ilçihana işe kabul edilmegiň şertleri we dalaşgärlerden talap edilýän beýleki maglumatlar bilen öz resmi internet sahypasynda tanyşyp bolýandygyny mälim etdi.
Çeşme: Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi Instagram sahypasy — @germanyintm.
Atavatan Media

Related posts

Nikanyň bozulmagy we nikanyň bes edilmeginiň bellige alynmagy

Ýaşaýyş jaý gatnaşyklary bilen baglanşykly peýdaly maglumatlar

Ata Watan Eserleri

Aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibi barada…