SPORT

Gazagystanda Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlary başlaýar

8-nji sentýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde V Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlaryna badalga berler. “Beýik sähralyklarda duşuşyk” şygary bilen geçirilýän oýunlar 14-nji sentýabra çenli dowam eder.

Çarwadar halklaryň milli sport görnüşlerini boýunça geçirilýän oýunlara 100-den gowrak döwletden 4 müňe golaý türgeniň hem-de 100 müňden gowrak syýahatçynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Astana şäherinde geçiriljek V Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlarynyň dowamynda at çapyşyklary, milli göreş, milli intellektual oýunlary, başa-baş göreş, ok atmak, elguşlary bilen aw awlamak, atly sporty, halk oýunlary ýaly sportuň 21 görnüşi boýunça gyzykly bäsleşikler gurnalar.

Umuman, V Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlarynyň guramaçylyk topary ýekebara sport görnüşlerinde birinji bolan türgenlere 1 müň dollar, ikinji bolanlara 620 dollar we üçünji bolanlara 415 dollar pul baýraklaryny berer.

Related posts

Tedesko Belgiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi boldy

“Çelsi” Sançony aldy, Sterlingi “Arsenala” iberdi

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi