BIZNES

«Garabogazkarbamid» zawodynyň önümlerine daşary ýurtlardan uly isleg bildirilýär

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garabogazkarbamid» zawodynyň önümlerine Russiýa, Beýik Britaniýa, Şwesiýa, Türkiýe, Eýran, Gazagystan, Özbegistan we Owganystan ýaly döwletlerde uly isleg bildirilýär.

Döwrebap kärhanada şu ýylyň birinji ýarymynda 556 müň 500 tonna barabar karbamid döküni öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Ýokary hil derejesine laýyk öndürilen önümiň agramly böleginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan uly isleg bilen satyn alnandygyny aýratyn nygtamak gerek diýip, «Balkan» gazeti ýazýar.

Kuwwatly zawod 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik zerurlyklaryny özünde jemleýär.

Related posts

Dev Yol inşaat projesi başlıyor

vepa

Türkmenabatda şöhladyň taýýarlanylyşyny synlap, satyn alyp bolýar

Türkmenistan Gruziýa awtomobil ýangyjyny ibermekde ilkinji üçlükde

Leave a Comment