JEMGYÝET

Milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Bu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar.

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen bellenildi.

Related posts

Türkmenistan-Gyrgyzystan: köp sanly ylalaşyklara gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ata Watan Eserleri