SPORT

FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino Türkmenistana gelýär

FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino 4-nji maýda Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Bu sapar Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysynyň Aşgabada ilkinji sapary bolar.

FIFA-nyň Prezidentiniň bir günlük saparynyň dowamynda ýurduň we milli futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmek we hyzmatdaşlygyň geljekdäki ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Janni Infantino Merkezi Aziýa ýurtlaryna bir hepdelik iş saparynyň dowamynda Gazagystanda (3-nji maý), Gyrgyzystanda (4-5-nji maý) we Özbegistanda (5-6-njy maý) bolar. Ol eýýäm Täjigistanda saparda boldy.

Related posts

Makgregor amerikaly Maýkl Çendler bilen tutluşyga çykar

Tokio-2020: Hytaý ikinji altyn medalyny gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Leave a Comment