DÜNÝÄ

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Halkara Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (FIFA) Parahatçylyk geňeşiniň goldawy bilen Gaza sektorynda 50 sany kiçi futbol stadionyny gurar.

Bu barada Waşingtonda geçirilen Parahatçylyk geňeşiniň 1-nji mejlisinde aýdyldy. Bu mejlise FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino hem gatnaşdy.

Bellenmegine görä, her stadionyň gurluşygy 50 müň ABŞ dollaryna barabar bolar, bu bolsa jemi 2,5 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýumyny aňladýar.

Related posts

Türkmenistanda ýylyň ahyryna çenli ahalteke bedewleri boýunça bäsleşikler geçiriler

Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Koreýa Respublikasynda GGGI-yň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

BMG-niň wekili Malik Siseý Arkadag şäherine ýokary baha berdi