JEMGYÝET

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana geler

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanda saparda bolar. Eýranyň golaýda saýlanan täze Prezidenti Pezeşkianyň Türkmenistana ilkinji sapary bolar. Pezeşkianyň 10-njy oktýabrda Aşgabada gelmegine garaşylýar. Bu barada “IRNA” habarlar gullugy habar berdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşar. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça ýolbaşçysy Habibollah Abbasiniň bellemegine görä, Masud Pezeşkian bu halkara forumda çykyş eder.

Şeýle hem Masud Pezeşkianyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy bolar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu halkara foruma gatnaşmak üçin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaa Hurelsuh we beýleki birnäe döwletiň Baştutanlarynyň Aşgabada gelmegine garaşylýar.

Related posts

Milli Liderimiz: «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň taslamasynyň üstünde işlemek zerur

2312 türkmenistanly haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna iberiler

Ata Watan Eserleri

“Dostluk kerweni” ýörişi Türkmenistan şäherlerinden geçer

Ata Watan Eserleri