JEMGYÝET

Döwrüň Meselesi

Pikirleriň ummanynda gulaçlap,
Käte-käte agyr oýa batylýar.
Bize ak süýt beren ejeleň ady
Nämüçindir sögünçlerde tutulýar.

«Emma, welin, ýöne, bilen, hem…» ýaly
baglaýjy sözleri bir heňe jemläp.
Iki sany ýigit gelýär köçeden,
Iki söznüň biri ejeň-ejeňläp.

Paýyş söz içine sygan enäniň
Hany keramaty, hany hormaty?!
«Eje» diýseň, göýä söýüljek ýaly
Gaýtam sögünçlerde ykjam ornady.

Beýle sögünçleriň ýaýbaňlanmagy,
Döwrümizde iň derwaýys mesele.
Bu ýagdaýyň almasak biz öňüni
Dowam eder ol nesilden-nesile.

Geliň, dostlar, bu gözgyny ýagdaýa
Jemlenişip guralyň biz böwedi.
Göz öňüňe gelip dursun enäniň
Ak süýdi, ekläni hem-de öwüdi…

 

Baky AMANÝAZOW

 

Related posts

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady

Türkmenistanda täze nebitgaz ýatagy tapyldy

Türkmenistan, Rusya’nın e-devlet sistemi tecrübesiyle tanıştı

vepa