MEDENIÝET

Dünýäniň iň uzyn hyýaryny ýetişdirdi

Höwesjeň bagban Sebastýan Suski dünýäniň iň uzyn hyýaryny ösdürip ýeti’dirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda bellenilip geçilipdir.

Bagban hyýaryň üýtgeşik görnüşini Sautgempton şäherindäki ýyladyşhanada ösdürip ýetişdirdi. Onuň uzynlygy 113.4 santimetr. Olzaky rekorddan 6,4 santimetr uzyndyr.

Sebastýan 7 ýyldan bäri has uly möçberdäki dürli gök-bakja önümleri we miweleri ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Ol Ýewropanyň ägirt uly bakja önümlerini öndürijiler assosiasiýasynyň meýletinçisidir. Şeýle hem Uly kädi arkalaşygynyň halkara hünärmenidir.

 

Related posts

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby koreý dilinde neşir edildi

Ata Watan Eserleri

 «Magtymguly diýip adym tutsalar…» atly halkara onlaýn wiktorina geçiriler

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi