MEDENIÝET

Dünýäniň iň uly göwheri Dubaýda görkeziler

Auksionda satylmagy meýilleşdirilýän dünýäniň iň uly ak göwheri 26-29-njy mart aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde görkeziler.

228.31 karatlyk göwher 11-nji maýda Ženewadaky meşhur auksion öýi “Christie’s” auksionynda satylar. Auksionda bu gymmatbaha daşyň bahasy azyndan 30 million dollar bilen açylmagyna garaşylýar.

Bu ak reňkdäki göwher Dubaýda, Taýpeýde, Taýwanda we ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherlerinde görkezilenden soňra satuwa çykarylar.

“Kaya” ady bilen satyljak bu göwher, 20 ýyl ozal Günorta Afrikada gazylyp alyndy.

Mundan ozal, “Christie’s” auksion öýünde 2017-nji ýylda geçirilen auksionda 163.41 karatlyk göwher rekord derejede 33,7 million dollara satylypdy.

 

26-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

 «Magtymguly diýip adym tutsalar…» atly halkara onlaýn wiktorina geçiriler

Ranbir we Karina Kapurlar Özbegistanda festiwala gatnaşarlar

Türkmen kinorežissýory «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri