DÜNÝÄ

Çiliniň täze Prezidenti belli boldy

Çiliniň täze Prezidenti Gabriel Boriç boldy. Ol özüniň esasy bäsdeşi Hose Antonio Kasta saýlawlara gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň ýurdy ösdürmek baradaky tekliplerini seretmäge taýýardygyny belledi.

– Bu saýlawlara gatnaşan ähli dalaşgärlere minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Çiliniň geljegi üçin biziň hemmämiz halkyň ýanynda bolmalydyrys – diýip, täze Prezident Gabriel Boriç saýlawlardan gazanan ýeňşinden soňra eden çykyşynda belläp geçdi.

19-njy dekabrda Çilide prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçirildi. Ýurduň saýlaw toparynyň beren maglumatyna görä, Boriç sesleriň 55,87 göterimine, Kasta bolsa sesleriň 44,12 göterimine eýe boldy.

Täze Prezident 2022-nji ýylyň 11-nji martynda resmi taýdan wezipesine girişer. Ol ýurduň taryhyndaky iň ýaş döwlet baştutany bolar. Kasam kabul ediş dabarasy döwründe ol 36 ýaşar.

 

“Ýylyň parlak ýyldyzy” kim boldy?

Related posts

Türkiye’de Türkmenistan konulu video konferans toplantısı

Dr.Döwran Orazgylyjov

GECF :”Mawy altyn” iň köp sarp edilýän energiýa serişdesi bolar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Marko Rubio ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesine tassyklanyldy