JEMGYÝET

BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçysy Türkmenistana geler

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebit edarasynyň direktory Türkmenistanda saparda bolar. Bu edaranyň ýolbaşçysy Gwi Ýeop Son şu ýylyň 12-16-njy sentýabrynda Türkmenistana geler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, BMG-niň ýokary derejeli wekiliniň Aşgabada amala aşyrjak saparynyň çäklerinde birnäçe gepleşikler göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, Gwi Ýeop Son Türkmenistanyň daşary işler ministri hem-de wise-premýerler bilen duşuşyklar geçirer.

 

Related posts

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýä gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy

Ata Watan Eserleri