SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bişkek-Urumçi awiagatnawlar dikeldilýär

Hytaý Halk Respublikasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda Urumçi-Bişkek aralygynda awiagatnawlar täzeden ýola goýulýar.

Bu gatnawlar Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar. Bu gatnawlar babatda goşmaça meseleler ýakyn wagtda ylalaşylar.

Mälim bolşy ýaly, bu gatnawlar 2020-nji martynda koronawirus ýokanjy sebäpli togtadyldy.

Sebitdäki awiagatnawlar barada aýdylanda bolsa, Gazagystanyň “Air Astana” kompaniýasy 1-nji iýundan Gresiýa täze gatnawlary ýola goýýar. Gazagystanyň paýtagty we Almaty şäherinden Gresiýanyň Iraklion şäherine hepdede 3 gezek gatnawlar amala aşyrylar.

Bu gatnawlaryň ýola goýulmagy ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de syýahatçylyk pudagyny üstünlikli ösdürmek babatda möhüm bolup durýar.

 

 

Saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Related posts

Dawos forumy: «Sputnik V» sanjymyny 25 ýurt bellige alar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara gatnawlarynyň täze ugurlary açylar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň sanjymy ýylyň ahyryna taýýar bolar

Ata Watan Eserleri