BIZNES

Birža täzelikleri: owgan işewürleri suwuklandyrylan gazy satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 137-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, mazudy, binýatlyk ýagy, Gonkongyň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen wakuum gazoýlyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň we Türkiýäniň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million dollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň telekeçileri bahasy 4 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 117 million manada golaý bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, nebit bitumyny, arassalanmadyk parafini, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.

 

Dokma pudagy üçin möhüm karar

Related posts

Hünärli daşary ýurtly işçiler üçin iş rugsadynda üýtgeşiklik: Alty aýdan üç ýyla çenli uzaldyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Ukraina Azerbaýjadan tebigy gaz satyn almak isleýär