SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BAE-däki Täze ýyl feýerwerki rekord goýdy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ras-el-Haýma emirligindäki Täze ýyl feýerwerki iki ugury boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Olar – suwdaky iň uzyn feýerwerk hem-de asmandaky iň uzyn feýerwerkdir.

Bu iki ugurda Täze ýyly baýramçylygyndaky feýerwerk rekordlar kitabyndaky ornuny aldy. Täze ýyl gijesindäki feýerwerkler üçin emirligiň Al-Hamra etraby bilen Al-Marjan emeli arhipelagynyň arasyndaky 4.5 kilometrlik kenar saýlanyp alyndy.

Bu ýerde feýerwerk bilen bir hatarda dronly we lazer şoularyň görkezilip, Olarda Ras-el-Haýma emirliginiň tebigy landşafty suratlandyryldy. Ras-el-Haýma emirligi Pars aýlagynyň kenarynda we Hajar dagynyň eteginde ýerleşýär.

8 minut dowam eden feýerwerk hem-de lazer şouny 50 müňden gowrak adam tomaşa etdi.

Related posts

Koronawirusdan soňra syýahatçylyk pudagy ösüşde

Daşary ýurda gitmek üçin biometriki pasport :Gerekli resminamalar

Türkiýe wizasy : Ähli gerekli resminamalaryň doly sanawy

Ata Watan Eserleri