DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň ilçisi Aşgabat şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalow Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjanyň ilçisi jemgyýetçilik torundaky sahypasyndan habar berdi.

Habar berlişine görä, ilçi Aşgabat şäheriniň häkimi Rahim Gandymowa örän netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.

– Duşuşykda doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirildi. Şonuň bilen birlikde, şäher gurluşygynda sanly meýilnamalaşdyryş we infrastruktura taslamalaryny sanly dolandyrmak, ulag ulgamlaryny dolandyrmakda emeli aňyň çözgütlerini ulanmak, şeýle hem bu ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada pikir alyşdyk – diýip, ilçi öz beýanatynda belläp geçdi.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary

vepa

Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri «Çäksiz sungat» atly ýapon sungat sergisinde görkezildi