BIZNES

Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan işewürler forumy geçiriler

Şu ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan işewürler forumy geçiriler. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar edarasy (DEIK) habar berýär.

Bu işewür forumynyň guramaçylary hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň hemaýat bermeginde Daşary ykdysady aragatnaşyklar edarasy çykyş edýär.

Berlen maglumata görä, işewürler forumyna Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolatyň, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Foruma 3 ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşyp, üçtaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada netijeli pikir alyşmalar geçiriler.

Related posts

YHG-niň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk

İhaleler: Türkmenistan’dan Uluslararası Yatırım İhalesi

vepa

Dev ASHGABAT CITY projesi geliyor

vepa