DÜNÝÄ

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sport çäreleri geçirildi.

Sport çärelere diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýolunda geçirildi.

Welosipedli ýörişiň başlanmazynyň öňüsyrasynda dabaraly açylyş çäresi geçirildi. Çykyşlarda Bütindünýä welosiped gününiň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilmeginiň halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ilerletmek hem-de ýaş nesli daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ruhunda terbiýelemek ugrunda alyp barýan işlerine ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasydygy bellenildi.

Welosipedli ýöriş tamamlanandan soň, onuň gatnaşyjylary sporty ösdürmäge, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny beýan etdiler.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Belarus Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Gyrgyzystan: gümrük ulgamynda ylalaşyga baglaşylar