DÜNÝÄ

“Älem gözeli” kim boldy?

2021-nji ýylyň “Älem gözelini” saýlamak bäsleşigi tamamlandy. Ol Ysraýylyň Eýlat şäherinde geçirildi. Bu bäsleşikde iň köp utuk toplan Hindistanyň wekili Harnaz Sandhu “Älem gözeli” hökmünde saýlandy.

Bäsleşigiň final tapgyryna 10 gatnaşyjy saýlandy. Olaryň 5-si bolsa emin agzalaryň sowallaryna jogap bermek tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Şondan soňra Hindistanyň, Paragwaýyň hem-de GAR-yň wekilleri gysgaça çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy. Gatnaşyjylara häzirki zamanyň şertlerinde käbir kynçylyklara sezewar bolýan gyzlara maslahat bermek teklip edildi.

“Älem gözeli” bäsleşiginiň ýeňijisi ýaşlara özlerine ynanmagy, özlerini başgalar bilen deňeşdirmezligi hem-de dünýäde bolup geçýän wakalar barada oýlanmaklaryny maslahat berdi.

Bu bäsleşige 80 ýurtdan dalaşgär gatnaşdy.

 

Maks Ferstappen – “Formula 1”-iň täze çempiony

Related posts

ALSA-nyň Administrasiýasy Bilen Tanyş Boluň: Dünýäniň Dürli Künjeginden Hukukçylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy

«Meniň üçin mertebedi»

vepa