TEHNOLOGIÝA

Adamzat smartfon ulanmagy bes eder

Adamzat ýene-de 10 ýyldan smartfon we mobil telefon ulanmagy bes eder. Smartfonlar we mobil telefonlar galyndy bolup galar. Bu barada “Veon” kompaniýasynyň sanly harytlar boýunça direktory Jorj Held “Ria Nowosti” habarlar gullugyna beren interwýusynda belläp geçýär.

Bu barada öz çaklamalaryny öňe sürýän Jorj Held telefonlaryň we smartfonlaryň orunlaryny başga tehnologiýalaryň aljakdygyny belleýär. Hünärmen, smartfonlaryň häzirki wagtda maglumat geçirijiligi üçin ulanylýandygyny mälim edýär.

– Täze tehnologiýalaryň çykmagy bilen telefonlar galyndy bolar. Muňa mysal getirjek bolsaň, şäheriň ortarasynda azaşan garry ene öýüni tapmak üçin telefona zerurlygy bolmaz. Ol özüne ýakyndaky diwardan “Öýe nädip baryp bilerin?” diýip sorap biler. Diwar hem ugur görkezijiler bilen onuň öýüni görkezer” diýip, Held belleýär.

Dünýädäki iň güýçli kriptowalýuta

 

Related posts

9 ýylda 90 göterimi elektrikli bolar

Internet äleminde 1 minutda…

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi