JEMGYÝET

Sözümi alsaň

Bilýändirin diýip bilmekden gaçma,

Nesihatym köpdür sözümi alsaň,

Düşünseň zer sözüň deňinden geçme,

Peýdasy köp bolar dur gulak salsaň.

 

Parasatdyr, paýhas, serde jemlener,

Duýgy, göwün şatlyk janda jem bolar,

Çalşyrsaň düşünjäň ösmez kem bolar,

Pikir hemmesinden wajyby bilseň.

 

Ulyny sylagyn, ejize degme,

Baýlygna ymtylyp, näkesi öwme,

Haka dileg eýle, duşmana sögme,

Çeniňi aragyn, aglasaň, gülseň.

 

Namalaryň aýra goýmagyn çyndan,

Jümläň gözbaşyny döretgin çuňdan,

Sözlän setirleriň çyksyn kalbyňdan,

Bendi mana ýugur, akylly bolsaň.

 

Mert bolgun her işde ýeňilme gamdan,

Jomart bolup dönme nepli gadamdan,

Asylly bol, öwren dana adamdan,

Zähmetsöýer bolgun, ne käri kylsaň.

 

Şahyr aýdar, sözdür göwnüň dermany,

Köňlüňi açyk kyl, dost bil wyŽdany,

Pyglyň dürs tut, goýma serde dumany,

Ynsaby ýaran et, imana gelseň.

 

Döwletniýazow Rejepberdi

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti:Türkmenistan bilen Hytaý hakyky dostlar we ygtybarly hyzmatdaş

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

TIF-2024: Aşgabatda 18 şertnama we ähtnama gol çekildi