JEMGYÝET

Mersedes-Benz; dünýädäki iň howpsuz awtoulagy öndürdi

«Mersedes-Benziň» GLE atly täze kysymy, bir söz bilen aýdylanda, täsinlikleriň we rahatlyklaryň uly toplumydyr. Onda awtomobilde ýüze çykyp biläýjek ähli heläkçilikleriň öňüni almak üçin zerur çäreler görlüpdir.

Täze ulagda ähli zat tehnologiýanyň iň täze gazananlaryna daýanýar. Sürüjiniň elýeterindäki dolandyryş bölüminiň ähli elektroenjamlary ýolda howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilipdir. Hatda, ulagyň arkany görkezýän aýnasy hem yzdan gelýän ulaglar bilen aralykdan başlap, hereketiň howpsuzlyk derejesine çenli ölçeýär.

Täze ulagda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, «akylly» awtosürüji, ýokary tizlikde hereketi dolandyrýan ESF 2019 gurluşy, ýokary tizlik wagtynda howpsuzlyk kemeriniň has berkemegi, ulagy awtosürüji dolandyranda, howpsuzlyk ýassyklarynyň ýüze çykyp biljek ýagdaýlara taýýar duruşy, aşa tizlikde ulagyň özünden-özi tizligini haýalladyşy ýaly köp sanly aýratynlyklar bar.

Related posts

Bakanlar Kurulu: Tepe Türkmen’in Cam Fabrikası’nın açılışına hazırlık

vepa

Wise-premýer M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa iş saparyny amala aşyrýar

120 bin dolar sahiplerini buldu

vepa