Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Öz neslinde kämilligi görmek isleýän halkymyz hemişe maşgala terbiýesine aýratyn üns berýär. Her bir maşgalada terbiýäniň gözbaşy hökmünde ata-babalarymyzdan gelýän edep-ekramlylyk, asyllylyk, mylaýymlyk, mertlik ýaly ýörelgelerden ugur alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär.
Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmen ýaşlarynyň Watana wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmekleri bilen birlikde, olarda ýiti düşünjeliligi kemala getirmek, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň Watanymyzy gülledip ösdürjek hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak esasy ugurlaryň biridir.
18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler, hususan-da “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek babatda edilýän işere seredildi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça meýilnamada ýaşlaryň bilim almagy, pikir alyşmaklary, intellektual kooperasiýa işlerine gatnaşmaklary üçin startap merkezlerini we dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek ýaly wezipelere üns çekildi. Şeýle-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagyna ýaşlary işjeň çekmek, halkara guramalar bilen ählumumy başlangyçlara ýaşlaryň gatnaşmagyna ýardam bermek, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň bilelikdäki halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny dowam etdirip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar. Watanymyzyň şöhratly taryhy we milli gymmatlyklary barada halkara bilim bäsleşiklerini gurap, «Ýaş zehinler» atly maksatnamany daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrmak hem möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Häzirki zaman döwletiniň kuwwaty, ykdysady ösüşiniň depgini we jemgyýetiň ruhy-medeni kämilligi, ilkinji nobatda, bilim ulgamynyň hiline we döwrebaplygyna baglydyr. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilýän, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige we durmuş ulgamyna giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim bermegiň mazmunyny, usullaryny we çaklamalaryny yzygiderli kämilleşdirmek örän wajyp wezipä öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek baradaky başlangyç ulgamyň geljekki ösüşine gönükdirilen möhüm ädim hökmünde äşgär bolýar.
Bilim ulgamynyň durnukly işlemegi mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki bilim edaralarynyň hünärmenler bilen doly we öz wagtynda üpjün edilmegine daýanýar. Bu ugurda ileri tutulýan wezipeleriň biri okuw dersleriniň her biri boýunça mugallymlara bolan islegiň uzak möhletli — hususan-da, bäş ýyllyk çaklamasyny taýýarlamak bilen baglydyr.
Şeýle çaklama pedagogik ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň gerimini ýerlerdäki hakyky işgär zerurlyklary bilen has takyk utgaşdyrmaga mümkinçilik berer. Netijede, haýsy sebitde we haýsy ders boýunça näçe mugallymyň gerek boljakdygy öňünden kesgitlenip, taýýarlyk maksatnamalary anyk sanlara we seljermelere esaslanar.
Häzirki zaman dünýäsinde innowasion ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji ýaş nesliň döredijilikli pikirlenmesi, ylmy gözlegleri we täzeçil başlangyçlarydyr. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň diňe bir nazary bilim almaklary däl, eýsem, özara pikir alyşmaklary, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekleri we intellektual kooperasiýa işlerine işjeň gatnaşmaklary üçin startap merkezlerini hem-de dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek döwrüň wajyp talaby bolup durýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň we tehnoparklaryň ýanynda startap merkezleriniň döredilmegi ýaş zehinleriň täze ideýalaryny goldamakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Bu merkezler talyplara hem-de ýaş alymlara öz taslamalaryny işläp taýýarlamak, synagdan geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak üçin zerur şertleri üpjün edýär.
-
Innowasion taslamalary goldamak: Sanly tehnologiýalar, emeli aň, «ýaşyl» energetika, biotehnologiýalar we inženerçilik ýaly ileri tutulýan ugurlarda ýaşlaryň başlangyçlaryny hakyky taslamalara öwürmäge mümkinçilik berýär.
-
Halypa-şägirtlik we tejribe alyşmak: Tejribeli alymlaryň, inženerleriň we telekeçileriň gatnaşmagynda guralýan maslahatlar ýaşlara öz işewürlik we ylmy endiklerini kämilleşdirmäge ýardam edýär.
-
Ylym bilen önümçiligiň baglanyşygy: Ýaşlaryň taýýarlan täzeçil çözgütleriniň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönüden-göni ornaşdyrylmagyna ýol açýar.
Dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterleriniň döredilmegi bolsa intellektual hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeldýär. Şeýle klasterler ýurdumyzyň ýaşlaryna daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleriniň talyplary, ýaş barlagçylary we innowatorlary bilen göni aragatnaşyk saklamaga şert döredýär.
Bilelikdäki ylmy maslahatlar, onlaýn laboratoriýalar, hakatonlar we halkara taslama toparlary ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeldip, olaryň global ylym-bilim giňişligine işjeň goşulmagyny üpjün edýär. Şeýle intellektual kooperasiýa netijesinde dürli ulgamlaryň kesişmesinde täze ylmy açyşlaryň we amaly çözgütleriň döremegine giň mümkinçilik açylýar.
Ýaşlar röwşen geljegimizdir. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesilleriň ylym-bilim öwrenmeklerine döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ugurda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet syýasatynyň bu beýik ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň esasy kepili hökmünde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumlarynyň ulanmaga berilmegi ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin döwlet derejesinde edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz geljegimizi ýaşlarymyz bilen bilelikde gurýarys!» diýip belleýär. Geljegi ýaşlar bilen bilelikde gurmak olaryň zehinini ýüze çykarmak, pikirini diňlemek, başlangyjyny goldamak hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna giň ýol açmak diýmekdir.
Mahlasy, ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmäge, kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere badalga berilýär. Bilim özgertmeleri Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, sanly ulgama düşünýän ýaşlary kemala getirmäge ýardam berýär. Hut şu nukdaýnazardan, bilim özgertmeleriň baş maksady kämil nesilleri kemala getirmekdir. Milli bilim ulgamynda okatmagyň we bilim öwretmegiň iň kämil usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýaş nesilleriň ylym-bilimi özleşdirmeklerine oňat täsir edýär. Bu babatda ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny hem bellemek gerek.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak üstünlikli ýola goýuldy. Döwrebap ylym-bilim ojaklarynda ýokary tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredildi. Munuň hut şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gurlup ulanmaga berilýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynda hem görmek bolýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar, kompýuter enjamlary, barlaghanalar okatmagyň häzirki zaman usullaryny ösdürmäge ýardam berýär. Durmuşa geçirilýän giň gerimli, döwrebap özgertmeler milli bilim ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini üpjün edýär.
Mähri Metdiýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Nurnabat Annaýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.
