SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

23-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün Hamallaryň öňünde öňden bäri çözülmän gelýän birnäçe meseläni tertibe salmak mümkinçiligi açylar. Esasanam iş bilen bagly ugurda garaşylmadyk üýtgeşmeler bolup biler.Şeýle hem  maliýe babatda goşmaça girdeji gazanmagyň ýa-da täze iş teklibini almagyň mümkinçiligi  bar. Emma munuň üçin diňe umyt bilen çäklenmän anyk hereket etmek zerur.Käbir Hamallar ýolbaşçylary ýa-da kärdeşleri bilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly bolarlar. Özüňiziň dogry hasaplaýan pikiriňizi düşündirmek üçin ýeterlik esaslaryňyz bolar. Şeýle-de bolsa jedelli ýagdaýlarda gyssagly netije çykarmakdan saklanyň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar üçin bu gün  durnuklylyk we möhüm işlerini  howlukman her bir ädimi öňünden oýlanyşykly meýilleşdirmek iň gowy netijäni berer. Gündelik borçlary tertibe salmak resminama we hasabat işlerini düzetmek  öňki toplanan tejribelerinden peýdalanmak  üçin  has amatly gün . Şeýle hem öňden bäri satyn almak ýa-da maşgala üçin zerur bolan bir zady edinmek barada pikir edýän bolsaňyz,  degişli mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Ýöne uly çykdajy etmezden ozal ähli şertleri hasaplamak maslahat berilýär. Işde durnuklylygyňyzy saklamak, üstüňize alan borçlaryňyzy wagtynda ýerine ýetirmek möhüm bolar. Käbir Sowurlar öňki zähmeti üçin minnetdarlyk ýa-da höweslendiriji teklip almagy mümkin.

 Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Maşgala bilen bagly haýsydyr bir möhüm iş baradaky habarlar soňky wagtda size rahatlyk bermeýän aladalaryňyza soňunda nokat goýup biler. Şeýle hem ýakynlaryňyzy binjalyk  edýän meselelerini  çözmäge  uly mümkinçilik ler dörar. Käbir Jöwzalar  bu gün işewür duşuşyklarda özlerini ynamly alyp barmak, tekliplerini anyk beýan etmek peýda getirer.Söýgi durmuşynda uzak aralyk ýa-da wagt ýetmezçiligi sebäpli seýrekleşen aragatnaşygy dikeltmek mümkinçiligi bar. Öňki tanyşlaryň biri bilen täzeden habarlaşmak hem ähtimal. Emma geçmişdäki ýagdaýlara gaýdyp barmazdan ozal, häzirki islegleriňize dogry düşünmäge çalşyň.

 Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar bu gün maşgala durmuşynda käbir möhüm kararlary kabul etmeli bolup bilerler. Öýüň abadanlaşdyrylmagy çagalaryň okuwy ýa-da ýakynlaryň geljegi bilen bagly meseleler esasy üns merkezinde bolar. Şeýle hem maşgala agzalarynyň biri bilen öňden bäri ara alnyp maslahatlaşylýan meselede umumy netijä gelmek mümkin. Işde bolsa, emosional ýagdaýlaryňyzyň kararlaryňyza täsir etmegine ýol bermäň. Kärdeşleriňiziň her bir sözüne aşa ähmiýet bermek ýerine, öz wezipeleriňize üns beriň. Maliýe taýdan öý hojalygyna degişli çykdajylary meýilleşdirmek zerur bolar. Söýgi durmuşynda ýakyn adamyňyz bilen geljek baradaky pikirleriňizi paýlaşmak üçin amatly pursat dörär. Ýalňyş düşünilen sözleri düşündirmek we birek-birege has köp wagt bölmek gatnaşyklaryňyza oňyn täsir eder. Özüňiziň şahsy islegleriňizi hem ünsden düşürmäň.

 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler bu gün bir wagtlar kagyz ýüzünde galan meýilnamalaryny durmuşa geçirmelidirler. Bu gezek ýagdaýlar has şowly bolup ýanyňyzda meýilnamalaryňyzy  durmuşa geçirmäge kömek etjek adamlar peýda bolar.Iş ýeriňizde  täze jogapkärçilik ýa-da ýolbaşçylyk bilen bagly teklip alyp bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda özüňize ynamly bolmak has dogrydyr.Käbir Esetleriň jemgyýetçilik çärelerine, duşuşyklara ýa-da täze taslamalara gatnaşmagy mümkin. Maliýe babatda öňki zähmetiňiziň netijesi duýlup başlar, emma gazanan girdejiňizi paýhasly peýdalanmak möhümdir. Söýgi durmuşynda üns we hormat meselesi öňe çykyp biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün täsirli adamlar bilen tanyşyp, hatda dostlukly gatnaşyklary hem ýola goýup bilersiňiz. Olaryň goldawy geljekde size uly ýardam berer.Bu wagt käbir Sünbüleler maliýe ýagdaýyna aýratyn üns bermelidirler.Häzirki döwürde adatdakydan has köp pul sowmaga meýilli bolup bilersiňiz. Käwagt özüňize bu çykdajylaryň gerekdigini ýa-da däldigini pikir etmän, duýdansyz söwda etmegiňiz mümkin. Günüň ikinji ýarymynda söýgi babatda bu gün  diýseň amatly bolar. Esasan-da, täze tanyşlyklara açyk bolan Sünbüleler  üçin mümkinçilikler köp bolar. Siziň özüne çekijiligiňiz artar, şonuň üçin köp adamlar siziň bilen söhbetdeş bolmaga, ýakyndan tanyşmaga we bile wagt geçirmäge isleg bildirerler.

 Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Gündelik işleriňiz adatdakydan biraz köp tagalla talap edip biler.Emma siz  muňa garamazdan, gowy netijeleri gazanarsyňyz. Iň esasy zat, geljegi bolmadyk taslamalara wagtyňyzy we güýjüňizi sarp etmäň. Bu meselede içki duýgyňyza gulak asyň. Ol size haýsy işe üns bermelidigini, haýsysyny bolsa wagtlaýyn yza süýşürmegiň has dogry boljakdygyny görkezer.Şeýle hem söýýän adamyňyz we beýleki ýakynlaryňyz bilen has köp wagt geçirmäge çalşyň. Häzirki döwürde olaryň ruhy goldawy siziň üçin aýratyn ähmiýetli bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar üçin bu gün garaşylmadyk bir tabşyryk ýa-da öňünden meýilleşdirilmedik duşuşyk wagtyny başgaça paýlamaga mejbur eder. Emma siz  ýagdaýy dogry dolandyryp başarsaňyz , möhüm işleriňizi üstünlikli tamamlap bilersiňiz. Şeýle hem işde başgalaryň ynamyny gazanmak üçin beren sözüňizde durmak aýratyn ähmiýete eýe bolar. Maliýe babatda öňki bergileri ýapmak ýa-da tölegleri tertipleşdirmek barada oýlanmagyňyz mümkin. Söýgi durmuşynda bolsa, käbir Akraplar ýakyn adamynyň özlerinden gizleýän zady bar ýaly duýup bilerler. Çaklamalara esaslanmak ýerine, meseläni gönüden-göni ara alyp maslahatlaşmak has dogry bolar. Maşgala agzalarynyň biri bilen bagly hoş habar hem garaşylýar. Günüň ahyrynda özüňize wagt bölmek ruhy dartgynlygy azaldar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Kowuslar üçin bu gün döredijilik, şahsy başlangyçlar  täze mümkinçilikler bilen bagly bolup biler. Köpden bäri durmuşa geçirmek isleýän pikiriňize gaýdyp gelmek üçin amatly şertler döräp biler.Söýgi durmuşynda  bolsa, gatnaşyklaryňyza  täzelik girizmek islegi güýçlenip biler. Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda ýakyn adamyňyz bilen bilelikde täze meýilnama düzmek aradaky düşünişmegi hasda  artdyrar. Ýalňyz Kowuslar üçin täze tanyşlyk mümkinçiligi  aradan aýrylmaýar.

 Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün tejribäňiziň  netijesinde öňden bäri bäsleşip gelýän adamlaryňyzdan üstün çykyp bilersiňiz.Şahsy durmuş babatda hem bu gün amatly bolar. Täze tanyşlyklar üçin hem, dowam edýän gatnaşyklary has-da berkitmek üçin hem gowy mümkinçilikler açylar. Söýýän adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyz şatlyk getirer.Şeýle hem  öň düşünişmezlik döredýän meseleleriňizi  indi arkaýyn ara alyp maslahatlaşyp, özara ylalaşyga gelip bilersiňiz. Geljek ýyl durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki meýilnamalaryň döremegi hem mümkin. Käbir Jediler  söýgülisi bilen bilelikde syýahata gitmek barada oýlanyp başlarlar. Munuň üçin anyk mümkinçilikler hem peýda bolup biler.Maliýe ýagdaýy boýunça hem şowly ggün bolar. Esasan-da, täze ugurda özüni synap görmek isleýänler üçin amatly döwür bolar. Bir wagtlar diňe gyzyklanma bilen öwrenen zatlaryňyz indi goşmaça girdeji gazanmaga ýardam edip biler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Bu günler iş, kär we telekeçilik bilen bagly meseleler seresaplylygy talap eder.Şahsy gatnaşyklarda hemme zat hemişe isleýşiňiz ýaly bolman biler. Söýýän adamyňyz bilen ownuk düşünişmezlikler ýüze çykmagy mümkin. Emma ýagdaýy dartgynlaşdyrmazlyk we jedelleriň öňüni almak üçin sabyrly hem-de mylaýym bolmaga çalşyň.Günüň  ikinji ýarymy has amatly bolar. Bu döwürde hünär babatda üstünlik gazanmak we girdejini artdyrmak üçin birnäçe mümkinçilik peýda bolar. Şeýle hem iş saparlary, täze hyzmatdaşlary gözlemek we peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly döwür bolar.Söýgi gatnaşyklarynda hem oňyn özgerişliklere garaşyp bilersiňiz. Soňky günlerde bolup geçen wakalary söýýän adamyňyz bilen arkaýyn ara alyp maslahatlaşmaga we düşünişmezlikleriň esasy sebäbini anyklamaga mümkinçilik dörär.

 Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün ýakymly garaşylmadyk sowgatlar we uzak ýerlerden gelýän hoş habarlar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Mundan başga-da, gyzykly döredijilik taslamasyna ünsüňizi gönükdirip, öz ukybyňyzy görkezmäge mümkinçilik dörär.Käbir Hutlar hünär taýdan ösüş gazanar, beýlekiler täze hyzmatdaşlary tapar, ýene bir topary bolsa ýakyn wagtda girdejiniň artmagyna mümkinçilik berýän hyzmatdaşlyk tekliplerini alarlar. Medeniýet, sungat, bilim we ylmy barlaglar bilen meşgullanýan Hutlar üçin bu gün hünär babatda has-da üstünlikli bolar.Şahsy gatnaşyklaryňyzda sazlaşyk höküm sürer.Günüň ikinji ýarymy täze tanyşlyklar we öňki gatnaşyklary dikeltmek üçin aýratyn amatly bolar. Bir wagtlar ýakyn bolan, emma soňra aragatnaşygyňyz kesilen adam bilen täzeden habarlaşmak isleseňiz, ilkinji ädimi ätmekden çekinmäň. Ol hem siziň başlangyjyňyza şatlyk bilen jogap berer.Maliýe meselelerinde seresaplylyk zerur.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Related posts

25-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

21-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

20-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama