JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek babatda Akaba prosesi boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine bardy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habar berlişine görä, Türkmenistanyň Prezidentini Astana şäheriniň halkara howa menzilinde Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we Türkmenistanyň resmi wekiliýeti garşylady.

Ertir 6-njy noýabrda Gazagystanda emeli aň ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek babatda Akaba prosesi boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler.

Oňa gatnaşmak üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezident Emomali Rahmon Astana şäherine bardylar.

Akaba prosesi Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdalla II-ä degişlidir. Ol hem bu duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystanda resmi saparda bolýar.

Astanadaky duşuşyga Gyrgyzystan döwletine ýurduň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew wekilçilik eder.

Related posts

Türkmenistanyň halky Bitaraplyk baýramynda 3 gün dynç alar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Ata Watan Eserleri

Köp çagaly enelere “Ene mähri” hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri