BILIM

Türkmenistan bilim ulgamy boýunça halkara foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory Azat Babaýew 26 – 27-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «Bilimleriň Ýüpek ýollary: Merkezi Aziýada durnukly geljek üçin bilim, sungat we emeli aň» atly halkara maslahata gatnaşdy.

Halkara forum sebitiň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, tanymal alymlary, bilim ulgamynyň bilermenlerini hem-de halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitinde bilim we ylym ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen bagly möhüm wezipeleri, şeýle hem sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini bilim we sungat bilen utgaşdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Maslahatyň panel mejlislerinde we işjeň pikir alyşmalarda sanlylaşdyrma eýýamynda ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmak, emeli aňyň elementlerini okuw maksatnamalaryna giňden ornaşdyrmak, ylmy-barlag işlerinde sanly gurallary ulanmak, şeýle hem sungatyň üsti bilen innowasion pikirlenmäni ösdürmek ýaly möhüm ugurlara garaldy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň prorektory Azat Babaýew ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli inžener-tehnolog hünärmenlerini taýýarlamak, şeýle hem emeli aňy önümçilige we bilime ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hemmetaraplaýyn açykdygyny belledi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň prorektory forumyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda hem bu meselelere aýratyn üns berdi.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekiliniň bu halkara çärä gatnaşmagy Türkmenistanyň sebitde we dünýäde ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga, şeýle hem ählumumy durnukly geljegi üpjün etmek üçin bilelikde innowasion çözgütleri döretmäge uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Related posts

KFU türkmen talyplarynyň sanyny köpelder

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Russiýanyň uniwersitetlerine ýüz tutmagyň möhleti uzadyldy