DÜNÝÄ

38 ýyldan soňra Tehas ştatyndan demokrat senator saýlanar

Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Demokratik partiýanyň wekili Jeýms Talariko saýlaw bäsleşiginde respublikan Ken Pakstondan öňe geçdi.

Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, ABŞ-nyň Demokratik partiýasy 1988-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Tehas ştatyndan senatorlyk ornuny eýelemegi başardy.

ABŞ-nyň Kongresiniň Senatynda Tehas ştatyna wekilçilik etjek täze agza saýlaw bäsleşiginde respublikan Ken Pakstondan üstün çykan demokrat Jeýms Talariko bolar.

Bu ýagdaý aýratyn üns çekýär, sebäbi ABŞ-nyň Prezidenti, respublikan Donald Tramp we häkimiýet başyndaky partiýanyň beýleki wekilleri Tehas ştatynyň saýlawçylarynyň arasynda Pakstony goldamak we Talarikonyň garşysyna ses bermek üçin işjeň wagyz-nesihat işlerini alyp bardylar.

1988-nji ýyldan bäri Tehas ştatyndan ABŞ-nyň Kongresiniň Senatyna Demokratik partiýanyň wekilleri saýlanmandy.

ABŞ-da aralyk saýlawlar geçirilýär. Bu saýlawlarda, ilkinji nobatda, Senatyň agzalarynyň üçden biri, Kongresiň Wekiller palatasynyň ähli agzalary, şeýle hem 36 ştatyň we territoriýanyň gubernatorlary saýlanýar. Mundan başga-da, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlar geçirilýär.

Häzirki wagtda ABŞ-nyň Kongresiniň iki palatasy hem häkimiýet başyndaky Respublikan partiýanyň gözegçiliginde.

Saýlawlaryň netijeleri boýunça düzüljek Kongresiň nobatdaky, 120-nji çagyrylyşy 2027-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda öz işine başlar.

Related posts

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi Gyrgyzystana bardy

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy