Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky wekilhanasynda BMG-niň Güni mynasybetli çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýörite diwarlygy bilen wekilçilik edildi.
Çärä gatnaşan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen bilelikde Azerbaýjanyň diwarlygy bilen tanyşdy.

Çäräniň çäklerinde Ilçihana üçin bölünip berlen ýörite diwarlykda Azerbaýjanyň baý taryhy we medeni mirasy, milli gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary, şeýle hem ýurduň ykdysady we syýahatçylyk mümkinçilikleri barada maglumatlar berildi. Mundan başga-da, «Made in Azerbaijan» brendi bilen öndürilýän önümler görkezildi. Hödürlenen önümleriň arasynda Azerbaýjanyň «Istisu» mineral suwy myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem Azerbaýjanyň milli aşhanasynyň lezzetli naharlary we süýji tagamlary myhmanlara hödürlendi. Gatnaşyjylara milli tagamlar we süýjülikler barada maglumat berildi hem-de Azerbaýjan aşhanasynyň baý tagamlaryny dadyp görmek teklip edildi.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň taryhy, medeniýeti, halyçylyk sungaty, şekillendiriş sungaty we syýahatçylyk mümkinçilikleri barada kitaplar hem-de broşýuralar görkezildi we çäre gatnaşyjylaryna paýlanyldy.
Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň milli däp-dessurlary we aýdym-saz medeniýeti hem tanyşdyryldy. Maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen Azerbaýjanyň milli tanslary myhmanlarda uly täsir galdyrdy we olaryň mähirli garşylamagyna mynasyp boldy.
