Kyssa žanrynda aýratyn zehinlileriň hatarynda Atajan Tagan bilen Ahmet Halmyratdan soň tanymal ýazyjy hökmünde ady tutulýan Öwezmyrat Ýerbendi – Berdimyradow bilen tanyşlygymyz kyrk ýyl mundan öň başlanypdy. Şol mahal men Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika fakultetinde okap, ýyldan-ýyla geçiş döwründe «Ýaş kommunist» gazetinde tejribelik geçýärdim, ol bolsa «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynda işleýärdi. Bu redaksiýalar paýtagtymyzyň Atabaýew köçesiniň ugrundaky Metbugat öýüniň 2-nji gatynda ýerleşensoň her sapar zalda duşan mahaly oňa hormat goýujylyk bilen salam bererdim. Eli hemişe diplomatly, kelte boýly, gara saçlary egnine düşüp duran, dolmuşdan görmegeý ýigit bilen salamdan başga gürrüňimiz bolmazdy.
Aý-aýlandy, ýyl geçdi, Ýerbendi bilen tanyşlygymyz ýakyn gatnaşyga öwrüldi. Bu mundan 8 ýyl ozal bolupdy. Öwezmyrat aga şol döwürde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde işleýärdi. Bir sapar men iş bilen ol ýere baranymda – 8-nji gatda bolsa gerek, zalda oňa sataşdym. Şol wagt günorta uçurlary bolansoň ol eli tok çäýnekli suw almaga çykan eken. Salamlaşan badymyza ol maňa: «Kimýa oty» hakda ýazan makalaňy haladym. Gowy ýazypsyň» diýdi.
Men muňa begendim, çünki beýik ýazyjydan gowy baha almak aňsat zat däldi. Men oňa ýazýan hekaýalaryny höwes bilen okaýandygymy guwanç bilen aýtdym. Ol: «Hekaýa ýazylýa-la, ýöne ony kompýuterde çap etmekden başym çykanok» diýdi. Şol dessine men onuň hekaýalaryny kompýuterde çap etmäge kömek etjekdigimi beýan etdim. Ol muňa diýseň begendi. Şeýdibem meniň bir ýolum Öwezmyrat agaň iş ýeri bolup galdy. Ol ýazýardy, men uly adam, wagt ýitirip ýörmesin diýip, onuň golýazmasyny alyp gaýdyp, komputerde çap edip eltip berýärdim. Hekaýalaryny kopmpýutere geçirenimde alýan ruhy lezzetim göwnüme ganat berýärdi. Ýöne onuň kyn tarapy-da bardy.
Öwezmyrat agaň käte bir hekaýany gaýtadan 3-4 ýola işläýmesi bardy. Şoň üçin oň ýanyna bir hekaýasy üçin birnäçe sapar gatnamaly bolýan gezeklerimem bolardy.
Soňra Öwezmyrat aga Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezine işe geçdi. Bu ýagdaý meniň hysyrdylarymy ýene az-kem köpeltdi. Ol ýere baryp gatýmak üçin azyndan bir sagatdan gowrak wagt gerekdi. Ýöne höwes, isleg, ýazyja bolan hormat wagt gidireniňe degýärdi. Ine, şeýdip bu ýagdaý biziň gatnaşygymyzy baky dostluga hem-de hyzmatdaşlyga öwürdi.
Soňra Öwezmyrat aga Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynda işledi. Bu teatr biziň bilelikde birzatlar ýazmagymyza ýol açdy. Şeýdip şol döwürde biz onuň bilen teatr üçin «Derwüş ýapynjasy», «Zentalak gylyç», «Rodoguna», «Paryzdepe», «Şähryslam», «Saz we jeň» atly pýesalary ýazdyk.
Bir günem ol «Gyzyl kürte» atly hekaýasyny ýazdy. Hekaýa diýseň gyzykly, özi-de durmuşda bolan waka esasyndady. Onda heniz adamsynyň ýüzüni görmän ýar ojagyny saklap 93 ýaşynda aradan çykan Ýerbent obasynda ýaşan zenanyň ykbaly yzarlanýardy. Men Öwezmyrat aga bu hekaýa esasynda çeper filmiň edebi esayny ýazmagy teklip etdim. Ol: «Sen telewideniýede işlän adam, edebi kinoň edebi esasyny ýazmagyň usulyny bilýänsiň, bu işi özüň et» diýdi. Şeýdip biz oň bilen Tejenaýagyndan Ýerbende durmuşa çykyp gelen Nurbibi daýzanyň ykbaly bilen içgin gyzyklanyp, Ýerbende gidip birnäçe adam bilen söhbetdeş bolup, maglumat topladyk. Netijede Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde režissior Sahysalyh Baýramow biziň ýazan edebi esasymyz esasynda çeper filmi surata düşürdi. Film 2022-nji ýylyň 8-nji maý güni paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda görkezilip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Soňra 2022-nji ýylda «Gyzyl kürte» Türkiýede Gorkut ata Halkara kinofestiwalyna gatnaşdy. Soňra Özbegistanda, Belarusda, Russiýada kinofestiwallara gatnaşyp, «Altyn durna» baýragyna mynasyp boldy. Dünýäniň Germaniýa, Koreýa, Belarus, Gazagystan ýaly ona golaý ýurdunda görkezilip, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy.
2022-nji ýylda bolsa biz Öwezmyrat aga bilen awtordaşlykda Türkmen alabaýynyň gününe bagyşlap «Ynsan syrdaşy» hem-de «Arzuw» atly çeper filmleriň edebi esasyny ýazdyk. Olary kinorežissior Zulfiýa Kadyrowa surata düşürdi. Bu filmler hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, birnäçe sapar teleýaýlymda görkezildi.
Öwezmyrat aga ýaltanmazak adamdy. Bir ýerde, aýdaly Maryda, Daşoguzda ýa Balkanda bir gürrüňçi adam bar diýip eşitse, ondan täsin gürrüňleri ýazyp alyp, hekaýasynda çeperleşdirip ulanmak üçin ýol söküp ol ýere giderdi. Onuň täsinden gyzykly hekaýalary köplenç «Edebiýat we sungat» gazetinde, «Garagum», «Zenan kalby» žurnallarynda çap edilerdi. «Atavatan-turkmenistan» elektron žurnaly onuň 30-a golaý hekaýasyny çap edensoň ol žurnalyň işgärlerinden örän minnetdardy. Ol elektron žurnalynyň işjeň habarçysy tanymal žurnalist Akgül Saparowa ol hakda «Öwezmyrat Ýerbendi: galam ýörediliş aýratylygy» atly ýörite makala ýazdy. Žurnalist zenan ötgür zehinine sarpa goýup ýol söküp onuň ýaşaýan Bokurdak obasyna gidip, «Atavatan-turkmenistan» elektron žurnalynyň bazasynda söhbetdeş bolup telewizion gepleşik taýýarlady. «YouTube» kanalynda goýberilýän ol gepleşigiň tomaşaçylary şu günlerem köpelip gidip otyr.
Öwezmyrat aga bilen işlemek hem gyzykly hem-de juda kyndy. Ol hemişe ýazan zadyna birnäçe sapar üýtgetme girizmegi halaýardy. Ol muny eseriň bähbidi üçin edýärdi. Ol häli-şindi Berdinazar Hudaýnazarowyň özüne «Tutuş bir obaň adyny özüňe edebi lakam edip alaýypsyň. Indi Ýerbent ýaly agrasdan gyzykly eser döretgin» diýen sözlerini ýatlardy.
Käte men oňa degşip: «Haçan Ýerbendiň epgek şemaly meň üstümden sowlarka?..» diýerdim. Ol bolsa aýlawly degişmäme düşünip: «Haýsy eden gowy işim üçin Hudaý meni seň bilen baky dost etdikä?» diýerdi. Adam diýeniň hoş söze mätäç. Onuň bu sözi meniň göwnüme ganatlanma bererdi.
Keýpiniň çag bolan wagty Öwezmyrat agaň iňlis, hindi aýdymlaryny aýdýan pursatlary bolardy. Ýöne bu köplenç «Edebiýat we sungatda» hekaýasynyň çap edilen güni bolýardy. Ýöne hekaýasy çap bolanda bir ýeri kesilen ýa-da üýtgedilen bolsa ýürekden gynanardy.
Öwezmyrat aga Bokurdakda – gum içinde ýaşansoň çöl durmuşyny gaty gowy bilýärdi. Haýwanat, ösümlik dünýäsini bilşi örän çuňňurdy, hatda ol gijelerine towşanlaryň haçan üýşüşip, tans edişlerine, pyşbaganyň ömrüniň dowamynda ýeke sapar kimýa otuny tapyp, ony diliniň aşagynda saklap, haçan gezime çykyşyna çenli beletdi. Bedew atlaryň ýyldyzlar arkaly seýislenişini bilşi dagy seýis boldumyka diýdirýärdi. Onuň hekaýalarynyň gahrymanlary köplenç oba adamlary – Üpük mergen, Ogulla, Gülsün eje, Göwher gelneje, Işannur hemem Baltak atly itdi. Ol gahrymanlar Öwezmyrat agaň bir hekaýasyndan beýlekisinde hereket edensoň okyjy üçin olar oz obadaşy, goňşy-golamy, şolbir görüp ýören adamlary ýaly bolup galardy. Onuň Ýewropa durmuşyndan döreden hekaýalaryny okanyňda hut ýewropaly ýazyjylar ýazdymyka diýdirýärdi.
Ine, bir günem ykbal ony düşege baglady goýaýdy. Ýarawsyzlyga uçramagy onuň bar güýmenjesi bolan döredijiligini görnetin kynlaşdyrypdy. Süýjikesel diýen nägehan kesel, üstesine gözüniň görmesini haýallatmagy zerarly ol indi ak kagyzda galam ýöredip bilmeýärdy. Ýöne şonda-da ykbalyny döredijilige baglansoň ol ony goýup bilmejekdigini, indiden beýläk hekaýalaryny telefon üsti bilen ýatdan beýan etmeli boljakdygyny, bu ýagdaýyň maňa kyn düşjekdigini kynlyk bilen syzdyrdy.
Şunça ýyl döredijilik gatnaşygyny saklap ýöremsoň, oňa ýok diýip, zähmetinden gaçmaga meniň ynsabym çatjak däldi. Şeýlelikde men oňa gaýta has ýakyn durmaly diýen karara geldim. Sebäbi onuň ýazanlaryny göçürip, redaksiýalara tabşyryp oturjak maşgalasy ýa-da gaýry bir adam ýokdy… Meniň «Ýazyber, ýazsaň bolýar, sen bütin iliň göwnüni galkyndyrmak üçin dünýä inen adam ahyry, ýazanyňy kompýutere geçirmek meň bilen!» diýen sözlerim onuň kalbyny tolgunja gaplapdy. Şonda onuň hamsygyp ýuwaşjadan «Sagbol dost…» diýen sözleri henizem gulagymda ýaňlanyp dur…
Ol indi gije-gündiz edebiýatyň pikirinde bolup, hekaýalaryny ýadynda «ýazýardy». Men sypyndygym onuň ýatdan aýdýan setirlerini ilki galam bilen ak kagyza, soň kompýutere göçürýärdim. Şeýlelikde, düşege baglanan bäş ýylynyň dowamynda ol 40-a golaý hekaýany, çeper filmleriň edebi esasyny, birnäçe peýessalary ýazdy. Şahyr dostumyz Maksatmyrat Atabalowyň tagallasy bilen «Rodoguna» atly hekaýalar kitaby çapdan çykdy. Bu onuň 2025-nji ýylda bellän 70 ýaş toýuna uly sowgat boldy.
Öwezmyrat Ýerbendi okyjylaryň söýüp okaýan ýazyjysydy. Oňa meşhur ýazyjy Atajan Tagan «Türkmen Dumbadzesi» diýýärdi. Sebäbi onuň ýazyş stili tanymal gruzin ýazyjysy Nodar Dumbadzäňkä çalym edýärdi.
Öwezmyrat aganyň döredijiligine dürli döwrlerde ýazyjy-şahyrlar dürli bahalary beripdirler. Meşhur şahyr Mämmet Seýit oňa: «Gumly dost, sen uzaga gidersiň, ýöne ýoluň çarkandakly bolar…» diýen bolsa, meşhur Ümür Esen: «Tebigat bilen göwündeş gopup bilýän ýazyjy» diýipdir. Alym Rejep Pirjanow bolsa «Öwezmyrat makala ýazanda-da ony hekaýa ýaly ýazýar» diýipdir.
Öwezmyrat aga irmezek ýazyjydy. Onuň hiç kimiňkä meňzemeýän galam ýöredişi bardy. Gije-gündiz döredijiligiň içindedi. Ol äpet gomlar ýaly dolanyp-dolanyp gelşine seni-de döredijiligiň içine dolap alyp giderdi. Onsoň sen işdemi, işden aryp öýe geldiňmi, gije ýarymymy, tapawudy ýok, galam-kagyzyňy eliňe alaýmalydyň. Allatagalla oňa egsilmez talant, irginsiz yhlas beripdi. Ol hemişe bir arzuw bilen ýaşaýardy, ol arzuw il-güni hekaýalary bilen begendirmekdi. Ýene bir arzuwy – kän muny agzap durmasa-da, ýene bir kitabynyň çykmagydy.
Onuň hekaýalary gazet-žurnallarda çap edilen güni ýa-da radionyň «Miras» ýaýlymynda okalan güni men mehaniki ýagdaýda «dynç alşa» çykýardym. Şol gün – haýran galaýmaly, Öwezmyrat agadan hat-habar bolmazdy. Sebäbi aýdyşyna görä şol gün oňa Diýarymyzyň dürli ýerlerinden sagbolsun aýdyp uzakly gün telefon jaňlary gelerdi.
Men döredilik ykbalymyň şeýle zehinli adama duş edeni üçin Allatagaladan müňdebir razydym. Sebäbi Öwezmyrat Ýerbendi hemişe okap öwrenmeli kitap ýaly ynsandy. Hökümetimiz onuň zehinine ýokary baha berdi. 2017-nji ýylda ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Sözümiň ahyrynda Öwezmyrat agaň «Ýadaw dünýäniň ýüzi» hekaýasyndan bir setiri ýatlap geçmekçi bolýaryn: «Ýetmişinji ýylyň gary depäme sepeläpdi. Ynha bu gün men ýene oglan aýak yzlarymy görmek üçin obama barýaryn. Ho-ol alysdan obamyzyň töweregini gaplap duran ak çägeler göründi. Ol ýerde meniň düýnüm ýatyr…».
Öwezmyrat aga 70-den bir ýyl öňe ädim ätmek miýesser etdi. Indi biz onuň belent ruhuny, aýak yzlaryny görmek üçin düýni bolup galan obasyna barýarys…
Atamyrat ŞAGULYÝEW.
