DÜNÝÄ

«Tatar gyzy-2026» bäsleşiginiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulag gowşuryldy

«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Tatar gyzy – 2026» atly halkara bäsleşiginiň finalçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabarada «Tatar gyzy – 2026» bäsleşiginiň baş ýeňijisi, Özbegistandan Amina Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag bilen sylaglandy. Sylagy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa gowşurdy.

Sylaglamak dabarasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan guralan resmi kabul edişligiň dowamynda geçirildi.

Çärä Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.

Amina Mahmudowa Batyr Zakirow adyndaky Daşkent Milli estrada sungaty institutynyň talyby bolup, aýdymçy hünärini özleşdirýär. Şeýle hem ol wokal mugallymy bolup işleýär.

Related posts

Sloweniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen wekiliýeti YHG-niň içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar