Berlinde “C5+1″ görnüşinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesindäki nobatdaky sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär we oňa uly gyzyklanma bilen garaşylýar. Bu barada Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Petra Dahtler German bitewüliginiň güni mynasybetli gurnan kabul edişlik çäresinde belläp geçdi.
– Daşary syýasat meselelerinde Germaniýa bilen Türkmenistan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ygrarly bolup, halkara hukugynyň berjaý edilmegini we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini goldaýarlar. Şoňa görä-de, Germaniýa Merkezi Aziýada serhetüsti söwdanyň ösdürilmegini, şeýle hem daşky gurşawy we serhetleri goramak boýunça çäreleri goldaýar.
Berlinde C5+1 görnüşinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesindäki nobatdaky sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär we biz oňa uly gyzyklanma bilen garaşýarys.
Uly mümkinçiliklere eýe bolan bu görnüşdäki hyzmatdaşlyga goşýan goşandy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallygymyz bildirýäris” – diýip, ilçi çykyşynda belläp geçdi.
