Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin geljek hepdede Türkmenistanda GDA-nyň sammitine gatnaşar we Moskwada birnäçe çäreleri geçirer diýip, «Westi» maglumat ulgamynyň awtory Pawel Zarubin habar berdi.
«Prezident ýene-de iş saparyna gidýär — bu gezek Türkmenistana. GDA sammiti. Şeýle hem Mugallymlar gününde «Ýylyň mugallymy» baýrağynyň ýeňijileri bilen duşuşyk geçiriler», — diýip Zarubin aýtdy.
Mundan başga-da, onuň bellemegine görä, Putin ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň birini açar we Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bilen maslahat geçirer.
