JEMGYÝET

Bill Geýtsden waksina üçin 388 million dollar

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts ABŞ-da hereket edýän “Novavax” biotehnologiýa kompaniýasyna koronawirus waksinasyny döretmek üçin 388 million dollar maliýe kömegini berýär. Kompaniýa bu maliýe kömegi bilen waksinalary adamlarda synag etmäge başlaýar.

Kompaniýanyň beren beýanatyna görä, maliýe kömegini almak bilen waksinanyň birinji tapgyryndaky işleri gurnap başlandyklaryny belledi. Bu tapgyrda waksinalary adamlarda synag etmek meýilleşdirilýär. “NVX-CoV2373” atly waksinany Awstraliýada 130 sagdyn adamda synag ediljekdigini mälim edildi. Synag üstünlikli bolan halatynda ikinji tapgyra geçiler.

Kompaniýa ikinji tapgyrda dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli ýaşdaky adamlarda synag etmegi göz öňünde tutýar. Synagyň ilkinji tapgyrynyň netijelerini iýul aýynda almak meýilleşdirilýär.

Related posts

Türkmen Lider’den Balkan Vilayetine Çalışma Ziyareti

vepa

Halk Maslahatyň agzalarynyň birinji saýlawlary haçan?

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa – Azerbaýjan” görnüşindäki ilkinji sammit 8-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriler