DÜNÝÄ

Türkmenistanda ýylyň ahyryna çenli ahalteke bedewleri boýunça bäsleşikler geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini aýtdy. Ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bu guramaçylyk döwlet topary behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işleri alyp bardy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerini wasp etmek we olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça döredijilik bäsleşiklerini geçirmegi dowam etmek, bäsleşiklerde tapawutlanan raýatlary ýylyň ahyrynda sylaglamak boýunça degişli işleri geçirmek barada guramaçylyk döwlet toparyna ýüzlendi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II gutlady

Ata Watan Eserleri

Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşyk

Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy boldy