JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine “СOP 17” Liderler sammitine çakylyk

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabr aýynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň biodürlülik boýunça konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň öňýanynda geçiriljek Liderler sammitine gatnaşmak üçin çakylyk aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Ermeni tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen söhbetdeşlikde Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň öňe sürýän ekologiýa başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabr aýynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň biodürlülik boýunça konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň öňýanynda geçiriljek Liderler sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň daşky gurşawy goramak işinde möhüm waka boljakdygyny belledi we Türkmenistanyň onuň işine işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi we hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýany ýene-de bir gezek Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagy çagyrdy.

Related posts

Ýapon Milli lybasly Zeýnep bilen söhbetdeşlik

vepa

Atavatan Türkmenistan Dergisinin 11. Sayısı Yayınlandı

vepa

Yılbaşı ağacının ışıkları yakıldı

vepa