Gyrgyz Respublikasynda geçirilýän VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynda Türkmenistanyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, ýaryşlaryň ilkinji gününde milli ýygyndymyzyň gaznasyna bir altyn we bir bürünç medal goşdular.
Türkmen türgenleri medallary 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde milli göreş görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda gazandylar.
Ýurdumyz üçin esasy üstünlik türkmen milli göreşi boýunça gazanyldy. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Annagurban Allaberdiýew ynamly çykyş edip, çempionlyk adyna eýe boldy. Ol altyn medal ugrunda geçirilen duşuşykda ýaryşyň eýesi bolan gyrgyz türgeni Asankeldi Nurkazym uulyny ýeňdi. Gyrgyz türgeni, öz gezeginde, kümüş medala mynasyp boldy. Bu görnüşde bürünç medallara Özbegistanyň we Owganystanyň türgenleri mynasyp boldular.
Türkmenistanyň ýygyndysyna ikinji medaly Kemal Kemalow getirdi. Ol kuraş boýunça ýaryşda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Bu görnüşde ýeňişi özbegistanly türgen Numonžon Ražabow gazandy. Ikinji orny eýranly Sadeg Azarang eýeledi, ikinji bürünç medal bolsa Gyrgyzystanyň wekiline gowşuryldy.
Ýaryşlarda gazanan üstünlikleri üçin ýeňijilere 100 müň som möçberinde pul baýraklary gowşuryldy. Kümüş medal eýelerine 80 müň somdan, bürünç medal eýelerine bolsa 50 müň somdan pul baýragy berildi.
VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli Çolpon-Ata şäherinde geçirilýär. Oňa dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan türgenler gatnaşyp, olar etnosportuň 43 görnüşi boýunça bäsleşýärler. Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri halkara sport forumy Merkezi Aziýa halklarynyň medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny dünýä derejesinde wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
