DÜNÝÄ

Bişkekde 1-nji sentýabrda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti geçiriler

Bişkekde 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmeginde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi we «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçiriler. Bu barada Gyrgyz Prezidentiniň Diwany habar berýär.

Çärelerе ŞHG-ä agza döwletleriň, şeýle hem çagyrylan ýurtlaryň we halkara guramalaryň baştutanlary we wekilleri gatnaşarlar.

Hususan-da, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar diýlip garaşylýar.

Şeýle hem sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Togonyň Ministrler geňeşiniň başlygy For Essosimna Gnassingbe, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Ärdoğan, Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulit, Wýetnamyň wise-prezidenti Wo Thi An Suan we Müsüriň wise-premýer-ministri Huseýn Isa gatnaşarlar.

Halkara guramalardan ŞHG-niň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewyň,  BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň hem-de beýleki käbir guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Döwlet baştutanlary halkara we sebit gün tertibiniň esasy meselelerini, ŞHG-niň mundan beýläk-de ösdürilmegini, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady, ulag-logistika, sanly, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini maslahatlaşarlar.

Mejlisiň netijeleri boýunça ŞHG-niň ýigrimi bäş ýyllygynyň Bişkek Jarnamasy, köp taraply hyzmatdaşlygy berkitmäge we Guramanyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara we çözgütlere gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

«ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde gatnaşyjylar giňeldilen düzümde BMG-niň we halkara hukugynyň merkezi utgaşdyryjy orna eýe bolmagyny berkitmek, durnukly ösüşe ýardam bermek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Öňde boljak sammit Gyrgyz Respublikasynyň 2025–2026-njy ýyllarda ŞHG-däki başlyklygynyň esasy jemleýji çäresi bolar. Başlyklyk «ŞHG-niň 25 ýyly: bilelikde durnukly parahatçylyga, ösüşe we gülläp ösmäge tarap» diýen şygaryň astynda geçýär.

Related posts

Ilon Mask Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň saýty döredilýär