DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynda saparda bolýar

Şu günler hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar.
Bu ýerde halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewleriniň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşdyrylmagy we onuň çäklerinde guraljak çäreleriň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Kronenberg şäherinde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde halkara çäreleri guramaga niýetlenen meýdança bilen tanyşdyrylyş çäresi boldy. Şunda atly sport ýaryşlarynyň, gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerleriniň özboluşly aýratynlyklary, ýaryşlary guramagyň tertibi barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, meýdançanyň çäklerinde halkara ýaryşlaryň bezegleri, dürli ýazgylar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk derejede ýerleşdiriler. Ýerli hünärmenlerdir atşynaslar özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyny aýdyp, türkmen halkynyň milli atşynaslyk däpleri bilen içgin tanyşmak we ony Ýewropa ýurtlarynyň atşynaslarynyň arasynda netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetine üns berdiler.

Related posts

ŞHG-niň Bişkekdäki sammitinde 30-a golaý resminama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýar

Howanyň hiline gözegçilik

Ata Watan Eserleri