BIZNES

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

2027-nji ýylyň 19-njy marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

«Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary bilen guralýan bu halkara sergä dünýäniň 80-e golaý ýurdunyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, 2027-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

“Astana Finance Days 2025”: Türkmenistanyň wekilleri halkara foruma gatnaşdy

Günorta Koreýanyň kompaniýasy Türkmenistanda 2 sany zawod gurar

TSTB-niň agzalary we BMG Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalaryny birleşdirýärler