JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Myrat Mämmedowy, pensiýa gidýändigi üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, bu wezipä saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Myratberdi Gaýypow bellendi.

Related posts

3-nji awgustdaky howa maglumaty

Lebap we Mary welaýatlaryna täze häkim bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri