DÜNÝÄ

Gazagystanda 2026-njy ýyl “Sanlylaşdyrma we emeli aň” ýyly diýlip yglan edildi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Sanlylaşdyrma we emeli aň ýylynyň yglan edilmegi hakynda” permana gol çekdi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Resminamada bu çözgüdiň “sanlylaşdyrmany mundan beýläk-de ösdürmek we emeli aňy ähli ugurlarda giňden ornaşdyrmak maksady bilen” kabul edilendigi görkezilýär.

Permanyň gol çekilen gününden başlap güýje girýändigi resminamada aýdylýar.

Prezident Tokaýew Täze ýyl gutlagynda 2026-njy ýylyň Gazagystanda emeli aň şygary astynda geçjekdigini habar beripdi. Ol Gazagystany sanly döwlete öwürmegiň zerurdygy barada belläp, 2026-njy ýyly “Sanlylaşdyrma we emeli aň” ýyly diýip yglan ediljekdigini belläpdi.

Onuň pikirine görä, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurduň ähli ugurlardaky mümkinçiliklerini güýçlendirer.

Related posts

“Kosmos-482” apparaty orbitadan çykyp, ummana gaçdy

Türkiýäniň ilçisi Togan Oral billiardda birinji boldy

Ata Watan Eserleri

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi