BIZNES

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

Beýik Britaniýanyň parlamentiniň lordlar palatasynyň agzasy Jon Alderdaýs Beýik Britaniýanyň Azerbaýjan we Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili wezipesine bellendi. Bu barada “Kazinform” agentligi habar berýär.

Beýik Britaniýanyň söwda we täjirçilik ministri 32 söwda wekillerini wezipä belläp, olaryň britan işewürliginiň halkara bazarda ornuny pugtalandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik döretjekdiklerini belledi.

Söwda wekilleri Beýik Britaniýanyň ilçileriniň, ýokary komisarlarynyň hem-de söwda komisarlarynyň işleriniň üstüni ýetirerler.

69 ýaşyndaky Jon Alderdaýs Demirgazyk Irlandiýanyň syýasatçysy bolup, Liberal Demokratik partiýasynyň agzasy we mundan soňra Beýik Britaniýanyň Azerbaýjan we Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili wezipesini hem alyp barar.

Related posts

Türkmenistan’da özel sektör şeker üretecek

vepa

Türkmenistan’da yeni sera kompleksi kuruldu

vepa

Türkmenistan BAE-nyň Merkezi Aziýadaky möhüm söwda hyzmatdaşydyr

Ata Watan Eserleri