MEDENIÝET

Dünýäniň iň uly krokodili aradan çykdy

Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň uly ýesir süýrenijisi hökmünde girizilen Kassius atly awstraliýaly krokodil aradan çykdy. Onuň 110 ýaşdan geçendigi aýdylýar.

“Marineland Melanesia Crocodile Habitat” guramasy jemgyýetçilik media sahypasynda agramy bir tonnadan gowrak bolan Kassiýusyň 15-nji oktýabrdan bäri saglyk ýagdaýynyň gowy däldigini habar beripdi.

“Ol gaty garrydy we ýabany krokodillerden has uzak ýaşady öýdýän”-diýip guramanyň beýanatynda bellenilýär.

Süýreniji 1984-nji ýylda yklymyň demirgazygyndaky Kakadu milli seýilgähinde tutuldy we şondan bäri Kwinslenddäki krokodil fermalarynyň birinde ýaşady. Ol öz adyny Muhammet Aly ady bilen has meşhur Amerikaly boksçy Kassiý Kleýiň hormatyna aldy.

Kassius 2013-nji ýylda 6,17 metr uzynlykdaky Filippin krokodili Lolong ölenden soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

Related posts

Aşgabatda Weli Muhadowa bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri geçiriler

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

“Oskar” baýraklary: “Oppengeýmer” “Iň gowy film” baýragynyň eýesi boldy