DÜNÝÄ

Kazandaky BRIKS sammiti: 13 ýurt guramanyň hyzmatdaş-döwlet derejesini aldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji gezek gatnaşan Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen BRIKS sammitinde 13 ýurt guramanyň hyzmatdaş-döwlet derejesine eýe boldy. Olar – Gazagystan, Alžir, Belarus, Türkiýe,Boliwiýa, Kuba, Indoneziýa, Malaýziýa, Nigeriýa, Tailand, Uganda, Özbegistan we Wýetnam.

Üstümizdäki ýylda BRIKS sammiti ilkinji gezek giňeldilen düzümnde ýagny “BRIKS outriç/+” görnüşinde geçirildi. Oňa 40-dan gowrak döwletden ýokary derejeli wekiliýet gatnaşdy. 24 döwlet ýurt we hökümet Baştutany derejesinde gatnaşdy.

Russiýanyň başlyklyk etmegine geçirilen sammite Aziýadan, Afrikadan, Ýakyn Gündogardan we Latyn Amerikasyndan wekiliýetler geldi.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Ženewa sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Merkezi Aziýa-Hytaý ulag ministrleriň duşuşygy geçirildi