JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Horamtly Prezidentimiziň uçary Gazagystan Respublikasynyň paýtagty – Astana uçuşy amala aşyryp, Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menziline gondy, bu ýerde «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet baýdaklary galdyryldy.

Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Related posts

BMG-niň Baş sekretarynyň maslahatçysy bilen onlaýn duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterriş bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri